Türkmenistana iki sany uly gabaraly karýer enjamlary gelip gowuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistana iki sany uly gabaraly karýer enjamlary gelip gowuşdy
Türkmenbaşy halkara deňiz portuna gelip gowşan uly gabaraly karýerler

Türkmenbaşy halkara deňiz portuna geçen hepdäniň çarşenbe güni Lebap sement zawodynyň gurluşygynyň ikinji tapgyry üçin niýetlenilen iki sany uly gabaraly karýer enjamlary gelip gowuşdy. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistana getirilen bu enjamlar Germaniýada öndürilip, olar Türkiýäniň portlaryndan deňziň üsti bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portuna getirildi. Bu gabaraly karýeriň her biriniň agramy 125 tonna barabardyr.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň Umumy ýükler terminalynda gämiler arkaly getirilýän uly göwrümli we agramly ýükleri düşürmek üçin iki sany, her biriniň ýük göterijiligi 330 tonna (750-tonna çenli artdyrmak mümkinçilikli) barabar bolan “Liebherr” kysymly ýük kranlar ornaşdyrylandyr.

Türkmenbaşy halkara deňiz porty Merkezi Aziýa bilen Ýewropany deňiz, ýol we demir ýoly bilen birleşdirýän “deňiz derwezesi” bolup, ol öz gezeginde sebitdäki iň uly üstaşyr merkez hökmünde hyzmat edýär. Portda ýüklemek we düşürmek, şeýle hem harytlary saklamak üçin ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge doly mümkinçilik berýän iri ýükleme-düşürme terminallar bolup, olarda kuwwatly tehnikalar ornaşdyrylandyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022