Ýanwar-maý: Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 7,2% artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-maý: Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 7,2% artdy
Türkmenistanyň karhanalaryndaky önümçilikden bir pursat

Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 7,2 göterim ýokarlandy diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we hakara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Wise-premýer 2023-nji ýylyň bäş aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabatynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilendigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,3 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 7,2 göterim ýokarlandy. 2023-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 113,3 göterim, çykdajy bölegi 97,6 göterim ýerine ýetirildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 9,9 göterim, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň bolsa 27,7 göterim artandygy barada habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, toplumyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň birnäçesine ünsi çekdi we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň bäş aýynda ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022