Owganystanyň Oba hojalyk, suwaryş we maldarçylyk ministri Mawlawi Ataullah Omari Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hoja Öwezow bile duşuşdy. Bu barada Owganystanyň “Bakhtar news” agentligi sişenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar oba hojalyk pudagynda, şol sanda bagbançylykda özara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Ministri Mawlawi Ataullah Omari Türkmenistan bilen Owganystanyň çekirtgeleriň ýaýramagyna garşy kompaniýanyň döredilmeginde, mal we oba hojalyk önümleriniň eksportynda we importynda, mehanizasiýada, oba hojalygynyň kuwwatyny ýokarlandyrmakda hem-de oba hojalygynda alyp barýan gözleglerini paýlaşmakda hyzmatdaşlyk edip biljekdiklerini aýtdy.
Ilçi Hoja Öwezow Türkmenistanyň oba hojalyk we maldarçylyk pudaklarynda meýilnamalary durmuşa geçirmekde we pikir alyşmakda hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.