“Türkmenenergo” ýurduň çet gyralarynda Gün elektrik beketlerini gurmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “Türkmenenergo” ýurduň çet gyralarynda Gün elektrik beketlerini gurmagy meýilleşdirýär
“Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty, 2023-nji ýylyň 15-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan

“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy Türkmenistanyň çet gyralaryndaky ilatly nokatlarynda Gün elektrik beketlerini gurmagy meýilleşdirýär diýip, korporasiýasynyň energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek gullugynyň başlygy Döwlet Allaýarow 15-nji iýunda Aşgabatda geçirilen “Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary” atly halkara ylmy-amaly maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazetiniň habar bermegine görä, gurulmagy meýilleşdirilýän gün elektrik beketleriniň umumy kuwwatlylygy başlangyç tapgyrda 6 MWt-dan ýokary bolmagy göz öňünde tutulýar.

Döwlet Allaýarowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň hünärmenleri energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda halkara tejribesini öwrenýärler we bu ugurda birnäçe işleri alyp barýarlar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, 20 döwletden 800-den gowrak wekili bir ýere jemlän maslahat tapgyrlaýyn üç bölümde geçirildi. Maslahatyň birinji mejlisinde täze tehnologiýalar we energiýa geçiş, ikinji mejlisinde zyňyndylary doly aýyrmak we monetizasiýa üçin metan we uglerod zyňyndylaryny azaltmak hakynda, üçünji mejlisde bolsa arassa energiýany öndürmekdäki başlangyçlar, ekologiýa we howa boýunça maliýeleşdirmegiň täze mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

2022