Merkezi Garagum meýdançasynda gaz kompressor stansiýasy gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Garagum meýdançasynda gaz kompressor stansiýasy gurlar
"Türkmengaz" döwlet konserni tender toparynyň adyndan bu stansiýasyny dolulygyna gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi.

Merkezi Garagum (Zäkli-Derweze) meýdançasyndaky ýataklardan alynýan gaz kondensatynyň topary üçin kuwwaty 2 milliard metr kub bolan gaz kompressor stansiýasy gurlar.

"Türkmengaz" döwlet konserni tender toparynyň adyndan bu stansiýasyny dolulygyna gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde anna güni çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýänler doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda görkezilen salgy boýunça ýerli wagt bilen 18:00 çenli kabul edilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022