“Belli” kompaniýasy Ýaponiýadaky “EKSPO-2025” sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyny gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Belli” kompaniýasy Ýaponiýadaky “EKSPO-2025” sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyny gurar
Ýaponiýa EXPO-2020 atly sergide, Dubaý, BAE (Surat: japannews.yomiuri.co.jp)

“Belli” hojalyk jemgyýeti Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylda geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzer we onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar eder hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirer.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek boýunça “Belli” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi. Bu barda Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu resminama Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, ýurtda durmuş-ykdysady ugurlarda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen kabul edildi.

“EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi 2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde "Biz ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris" şygary bilen geçiriler.

2022