Türkmen telekeçileri Türkiýede geçirilýän "Growtech 2023" sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri Türkiýede geçirilýän "Growtech 2023" sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
"Growtech 2022" atly halkara sergi (Surat: growtech.com.tr)

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary şu ýylyň 22-25-nji noýabr aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçiriljek "Growtech 2023" atly 22-nji Halkara Ýyladyşhana, oba-hojalyk tehnologiýalary we maldarçylyk enjamlary sergisine çagyrylýar. Bu barada TSTB-nyň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.

"Growtech" ýyladyşhana tehnologiýasy we enjamlary, suwaryş ulgamlary we tehnologiýalary, tohum we nahal ösdürip ýetişdirmek, ekinleri goramak ulgamynda iş alyp barýan halkara myhmanlary we öňdebaryjy kompaniýalary bir ýere jemleýär. “International Conferences”, “Growtech Agriculture Talks” we “ATSO Growtech Agricultural Innovation Awards” ýaly çäreler sergi pudagynda özboluşly mümkinçiligi üpjün edýär.

2022-nji ýylda geçirilen bu halkara sergä 123 ýurtdan jemi 58 müň 555 sany myhman we bu ugurda iş alyp barýan birnäçe kompaniýalar gatnaşdy.

Bu sergä iň köp gatnaşyjy ýurtlaryň ilkinji onlugyna Eýran, Iordaniýa, Müsür, Yrak, Russiýa, Azerbaýjan, Marokko, Özbegistan, Liwan we Gazagystan girdi.

2022