Türkmenistanyň işewürleri, ýurduň syýasy we ykdysady pudaklarynyň wekilleri 26-29-njy iýun aralygynda Germaniýada saparda bolup, olar 27-nji iýunda Dýusseldorf şäheriniň işewürler binasynda geçiriljek Türkmenistanyň işewürlik gününe gatnaşarlar. Bu barada “Ost - Ausschus der Deutschen Wirtschaft” (Germaniýanyň Gündogar işewürlik komiteti) özüniň resmi web saýtynda habar berdi.
Bu forum nebithimiýa, gurluşyk we dokma senagaty meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepowyň ýolbaşçylygynaky türkmen wekiliýetiniň düzümine “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa”, “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň wekilleri, gurluşyk materiallary, azyk, plastmassa we kompozit önümleri, dokma önümleri öndürijiler girýär.
Dýusseldorf şäherinde geçiriljek bu forum Germaniýanyň we Türkmenistanyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary we geňeşmeleri geçirmek üçin platforma bolup çykyş eder. Bu geçiriljek çäräniň esasy maksady Germaniýanyň telekeçilerini Türkmenistanyň ykdysadyýeti, eksport mümkinçiligi, daşary söwda we maýa goýum syýasaty, şeýle hem önümçilige innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak wezipeleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat bolup durýar.