Türkmenistan-Eýran: 20 million kub metrlik täze gaz şertnamasy baglaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Eýran: 20 million kub metrlik täze gaz şertnamasy baglaşyldy
Eýranyň Türkmenistandan gaz import etmek boýunça 25 ýyla niýetlenen şertnamasy ilkinji gezek 1996-njy ýylda gol çekildi.

Eýran Türkmenistan bilen 20 million kub metre ýetmek mümkinçiligi bolan gaz import şertnamasyna gol çekdi. Bu barada Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) baş müdiriniň geňeşçisi Sajjad Kaşefiniň FARS agentligine beren interwýusyna salgylanyp, “Tasnim” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

NIGC-niň baş müdiriniň geňeşçisi iki ýurduň nebit we gaz pudagyndaky özara gatnaşyklaryny ösdürýändigini aýdyp, Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda 2021-nji ýylda gol çekilen 5 million kub metrlik gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama ünsi çekdi.

Eýranyň Türkmenistandan gaz import etmek boýunça 25 ýyla niýetlenen şertnamasy ilkinji gezek 1996-njy ýylda gol çekildi. Şertnama laýyklykda Eýran ýylda 12 milliard kub metre çenli tebigy gaz import eder.

Eýran täze şertnama laýyklykda Türkmenistandan tebigy gazyň importyny artdyrar.

Eýranyň Parlamentiniň Energetika komitetiniň metbugat wekili Malek Şariati Niasaryň şu ýylyň 5-nji iýunynda SHANA maglumat toruna beren interwýusynda ýurdy energiýa merkezine öwürmek hem-de demirgazyk we demirgazyk-gündogar sebitlerinde gaz islegini kanagatlandyrmak üçin Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gaz hyzmatdaşlygynyň mümkinçiligine ünsi çekdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022