Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň wekilleri çarşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda harytlary toparlara bölüniş kodlarynyň ulgamyny işläp taýýarlamak boýunça tejribe alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.
Bu duşuşyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy geljekde çuňlaşdyrmak we giňeltmek boýunça bilelikdäki çäreleriň 2022–2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň çäklerinde gurnaldy.
Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň wekilleri Federal gümrük gullugy tarapyndan ulanylýan Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy, harytlaryň toparlara bölüniş ulgamynyň işi, bu ugurda bellenen jogapkär düzüm birlikler we olaryň ýerine ýetirýän işleri barada gürrüň berdiler.
Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasynyň hukuk esasyny Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýa düzýär. Türkmenistan bu Konwensiýanyň agzalylygyna şu ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden degişli kanuny esasynda kabul edildi.
Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Döwlet gümrük gullugy tarapyndan Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda harytlaryň toparlara bölüniş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.