Türkmenistan Pakistana elektrik energiýasyny ugradyp başlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Pakistana elektrik energiýasyny ugradyp başlar
Gurulýan elektrik geçiriji diňe bir Pakistany däl, eýsem Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryny hem üpjün edip biler.

Türkmenistan Pakistana elektrik geçiriji arkaly Mary şäherindäki döwlet elektrik stansiýasyndan Owganystanyň Hyrat şäherine elektrik energiýasyny ugradyp başlar. Bu barda “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň anna güni çap edilen sanynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, gurulýan elektrik geçiriji diňe bir Pakistany däl, eýsem Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryny hem üpjün edip biler.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “General Electric” kompaniýasy tarapyndan Mary döwlet elektrik stansiýasynda gurlan iki sany desga günde 3 million 580 müň kilowat sagat elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.

Munan başga-da, häzirki wagtda Serhetabat-Hyrat-Turgundy hem-de Rabatkaşan-Kalaýnau (Türkmenistan-Owganystan) ugurlary boýunça iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022