Arkadag şäheri elektromobiller we tok beriji beketler bilen üpjün edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Arkadag şäheri elektromobiller we tok beriji beketler bilen üpjün edildi
“JAC MOTORS” kompaniýasy tarapyndan öndürilen JAC E-J7 elektrik ulagy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň buýurmasy boýunça häzirki wagtda “Paýhas Merkezi” hojalyk jemgyýeti Arkadag şäherini “JAC MOTORS” kompaniýasyndan kuwwatlylygy 60 kW bolan 10 sany JAC E-J7 elektrik ulagy we 5 sany tok beriji bekedi bilen üpjün etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ulaglaryň bu modeli şäher taksisi hökmünde ulanmak üçin niýetlenilip, olar özüne çekiji dizaýna eýedir.

Şeýle hem ulaglaryň “Alfa Romeo”, “Lancia” we “Maserati” görnüşlerini döreden meşhur italiýan dizaýneri Daniel Galone bu awtoulaglaryň döredilmeginiň üstünde işledi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, JAC E-J7 elektrik awtoulagy häzirki zaman talaplarynyň hemmesine laýyk gelýär we olar panoramik lýuk, arka tarapy görkezýän hem-de ýygnalýan aýna, yzky kamera, kruiz dolandyryşy we 10,4 dýumlyk multimediýa duýgur ekran bilen üpjün edilendir.

“JAC MOTORS” häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly kärhana bolmak bilen, Hytaýyň iň uly on awtoulag öndürijisiniň biridir.

“Paýhas Merkezi” kärhanasy  türkmen bazaryna JAC awtoulaglarynyň ilkinji toplumyny hödürledi we ýakyn wagtda içerki awtoulag bazarynyň talaplaryna laýyklykda öz işlerini giňeltmegi meýilleşdirýär.

2022