Türkmenistandan ilkinji bolup “Sennur fashion house” Parižde moda görkezilişine gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistandan ilkinji bolup “Sennur fashion house” Parižde moda görkezilişine gatnaşar
"Sennur fashion house" moda görkezilişi, 2022-nji ýyl, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistandan ilkinji bolup “Sennur fashion house” türkmen moda öýi 3-4-nji iýul aralygynda Fransiýanyň Pariž şäherinde ýerleşýän Sen-Žermen-De-Pre merkezinde geçiriljek “Oriental Fashion Show 2023” atly Gündogar moda görkezilişine gatnaşar.

Parižde geçiriljek moda görkezilişinde türkmen moda öýüni esaslandyryjy we stilist Ogulmaral Sähetniýazowa Türkmenistana wekilçilik eder diýip, “Sennur fashion house” “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.

“Sennur fashion house” gündogar moda görkezilişinde Türkmenistanyň özboluşly däplerini we medeniýetini görkezer. Şeýle hem moda görkezilişine Liwandan, Marokkodan we Gazagystandan gelen stilistler gatnaşarlar.

“Oriental Fashion Show” ýokary moda we gündogar modasyna bagyşlanan ilkinji halkara çäre bolup durýar. "Oriental Fashion Show" 2004-nji ýylda esaslandyryldy we döredilen döwründen bäri 50 ýurtdan ýüzden gowrak dizaýneri dünýä tanatdy. Häzirki wagtda bolsa moda dizaýnerleriniň we medeniýetiniň bähbidine işini dowam etdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022