Türkmenistanyň orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynda tölegli esasda okan talyplar indi iki ýyllyk hökmany işe ýollamazdan ýokary bilim hakyndaky diplomy alarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 23-nji iýunynda “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 3-nji fewralynda çykaran 1113-nji Karary bilen tassyklanan Orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
“Orient”internet neşiriniň habaryna görä, lukmançylyk we mugallymçylyk ugurlarynda okan talyplardan başga islendik hünär boýunça tölegli esasynda okan talyplar iki ýyllyk işe ýollamazdan diplom alyp bilerler.
Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda çarşenbe güni işe ýollamazdan berilýän ýokary bilim hakyndaky diplomyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.