“Elwan” studiýasy toý etjek ýaşlara “Love story” sowgat berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Elwan” studiýasy toý etjek ýaşlara “Love story” sowgat berýär
Bu aksiýa iýul aýyndan awgust aýynyň ahyryna çenli dowam edýär.

“Aşgabat” söwda-dynç alyş merkezinde ýerleşýän “Elwan” foto we wideo studiýasy toý etjek ýaşlara “Love story” wideo düşürmek hyzmatyny sowgat berýär. “Love story” wideosy owadan ýatlamalary saklamak üçin niýetlenilip, toýa ajaýyp goşundy bolup hyzmat edýär.

Bu aksiýa iýul aýyndan awgust aýynyň ahyryna çenli dowam edýär we toý etjek ýaşlar toý senesine garamazdan iýul, awgust aýlarynyň dowamynda öňünden ýazylmak arkaly “Love story” wideo düşürmek hyzmatyny sowgat alyp bilerler.

Şeýle hem “Elwan” foto we wideo studiýasy toý dabaralary üçin müşderilere dürli nyrhnamalary hödürleýär. Nyrhnamalar "elýeterli", "standart" we "VIP" bölümlere bölünip, bu her bir müşderä özi üçin iň amatly bölümi saýlamaga mümkinçilik berýär.

“Elwan” foto we wideo studiýasy hyzmatlarynyň hiliniň ýokary bolmagy, düşürilen wideodyr suratlary tiz wagtyň içinde taýýar edip bermegi, ygtybarlygy we amatlylygy bilen müşderileriň arasynda meşhurlyga eýedir.

Bu ýerde zähmet çekýän işine ökde hünärmenleriň kömegi bilen toý dabarasynyň ähli pursatlary iň ýokary derejede ýazga geçiriler.

“Elwan” foto we wideo studiýasy bilen habarlaşmak üçin:

Telefon belgisi: +993 61 66-11-00

Instagram: elwanstudio

Tiktok: elwan_studio

 

2022