“TurkmenExporters” platformasyna täze mümkinçilikler girizildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“TurkmenExporters” platformasyna täze mümkinçilikler girizildi
TurkmenExporters.com.tm eksport platformasy Türkmenistanda ilkinji gezek täze hyzmaty — Harytlaryň Gümrük Koduny (HS Code) onlaýn anyklamak mümkinçiligini ýola goýdy.

TurkmenExporters.com.tm eksport platformasynda “Amatly teklipler” hem-de “Boş ýük ulaglary” diýen iki sany täze bölüm açyldy. Şeýle-de indi bu platformada Türkmenistanda ilkinji gezek — Harytlaryň Gümrük Koduny (HS Code) onlaýn anyklamak mümkinçiligi ýola goýuldy.

Platformanyň esaslandyryjysy täze bölümler barada “Biznes Türkmenistan” internet neşirine şeýle gürrüň berdi:

“Amatly Teklipler” bölüminde amatly bahalardan türkmen öndürijileriniň ellerinde taýýar bolan we eksporta niýetlenen harytlar barada maglumatlary jemleýäris. Başgaça aýdanymyzda, alyjylar üçin adaty bahalardan has amatly bolan bahalary hödürleýäris. “Boş ýük ulaglary” bölüm bolsa, hem eksportçylar, hem importçylar üçin ähmiýetlidir. Bu bölüm Türkmenistandan daşary ýurtlara, şeýle hem daşary ýurtlardan Türkmenistana harytlary daşamak üçin boş ulag serişdeleriniň eýeleri bilen ýük iberijileriň gysga wagtyň içinde bir-birini tapmagyna ýardam berer. Şeýlelik-de işewürler wagt ýitirmän özleri üçin iň amatly hyztmatdaşlaryny saýlap bilerler.

Harytlar Gümrük Kodlaryny (HS CODE) onlaýn anyklamak mümkinçiligi

Şeýle hem TurkmenExporters.com.tm eksport platformasy Türkmenistanda ilkinji gezek täze hyzmaty — Harytlaryň Gümrük Koduny (HS Code) onlaýn anyklamak mümkinçiligini ýola goýdy.

HS CODE — halkara söwdasyndaky harytlar üçin klassifikasiýa ulgamy bolup, ol adatça alty sandan ybaratdyr (käbir ýurtlarda 7-den 10-a çenli). Bu kod harytlar eksport ýa-da import edilende resminamada görkezilýär hem-de harytlaryň niýetlenilişine görä (egin eşik, tehnika we ş.m), şeýle-de ykdysady pudagyna laýyklykda bölünýär (dokma senagaty, azyk önümleri we beýlekiler). Gümrük tölegleriniň mukdary, gümrük deklarasiýasynyň işi, önümiň sertifikatlaşdyrylmagy üçin talaplar, önümiň we onuň gaplanyşynyň tehniki düzgünlere laýyk gelmegi hem-de beýleki faktorlar HS CODE koduna baglydyr.

TurkmenExporters.com.tm platformasy türkmen eksportçylarynyň we importçylarynyň bitewi maglumatlar binýadyny döretmek, Türkmenistanyň eksport edilýän harytlarynyň daşary ýurtlara çykarylmagyny ilerletmek we önüm öndüriji bilen müşderiniň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýardam etmek maksady bilen 2017-nji ýylda işe girizildi. TurkmenExporters.com.tm Türkmenistanda öňdebaryjy onlaýn eksport platformasy bolmak bilen, dünýäniň işewürlik jemgyýetine Türkmenistan barada iň täze we ygtybarly söwda maglumatlaryny ýetirýär.

Eksport platformasynyň habarlaşmak üçin salgylary:

Telefon belgileri:

(+993 12) 75 44 30;

(+993 12) 75 44 31

Ykjam telefon belgileri:

+993 61 23 99 11,

+993 61 43 99 11

Web saýty: www.TurkmenExporters.com.tm

Elektron salgylary:

export@turkmenexporters.com

info@turkmenexporters.com

 

2022