Türkmen önümleri “Korean Import Fair” halkara sergisinde görkezildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen önümleri “Korean Import Fair” halkara sergisinde görkezildi
“Korea Import Fair” XX halkara sergisi, Seul, Koreýa Respublikasy (Surat: Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy)

Türkmen telekeçileri şu ýylyň 29-njy iýunyndan 1-nji iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynda geçirilen “Korea Import Fair” XX halkara sergisine gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy duşenbe güni habar berdi.

Bu serginiň dowamynda dünýäniň 50 ýurdundan 150 töweregi iri kompaniýanyň önümleri, şol sanda türkmen önümleriniň dürli görnüşleri hödürlendi.

Türkmenistanyň milli powilýonynda türkmen halylary, hususy telekeçiler tarapyndan öndürilen dokma önümleri, nah we ýüpek matalaryň dürli görnüşleri we ýokary hilli egin-eşikler görkezildi.

Türkmenistanda öndürilen ýokary hilli we özboluşly önümler “Korea Import Fair” halkara sergisine gatnaşyjylaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Türkmen telekeçileriniň bu çärä gatnaşmagy bilen milli önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga we beýleki ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga täze mümkinçilikleri döreder.

2022