Ukrainanyň kompaniýasy Aşgabadyň eteginde ýerasty kollektorlaryň gurluşygyna başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ukrainanyň kompaniýasy Aşgabadyň eteginde ýerasty kollektorlaryň gurluşygyna başlady
2030-njy ýyla çenli 12 metrden 20 metre çenli çuňlukda diametri üç metr bolan üç sany zeý-aragatnaşyk ötügi gurlar. (Surat: newscentralasia.net)

Ukrainanyň “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň düzüminiň bir bölümi Aşgabadyň eteginde we töwereklerinde zeý suwlary akdyrmak üçin kese ulgam bolan ýerasty kollektorlaryň gurluşygyna başlady. Bu barada penşenbe güni çap edilen “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Aşgabat şäher häkimliginiň baş inženeri Arslan Amangeldiýew bu taslamanyň paýtagtyň etegindäki gurluşyk işleriniň alnyp barylýan ýerlerindäki ýerasty suwlar bilen baglanyşykly meseläni çözmäge gönükdirilendigini aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, 2030-njy ýyla çenli 12 metrden 20 metre çenli çuňlukda diametri üç metr bolan üç sany zeý-aragatnaşyk ötügi gurlar.

Birinji ötük Gurbansoltan eje adyndaky şaýolyň ugrundan geçip, 90 gektar meýdan aralygyndaky ýaşaýyş we dolandyryş desgalaryň suw basmasynyň öňüni alar.

Ikinji ötük bolsa paýtagtyň “Çoganly” ýaşaýyş jaý toplumyndaky kottejleri gorar we ol awtoulag terminalynyň binasyndan şäheriň daşynda ýerleşýän KOS-300 suw arassalaýjy desga çenli uzar. Ýygnalan suwlar arassalanyp, suwaryş ulgamynda ulanylar. Üçinji ötük bolsa Şor-Garadamagyň çäginden KOS-300 suw arassalaýjy desga çenli geçiriler.

“Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň şäheriň daşyndaky lagym, sil we ýeriň aşagyndaky suwlary ýygnamak we çykarmak üçin niýetlenilen ýerasty zeý-aragatnaşyk ötügi 2016-njy ýylda ulanylmaga berildi.

2022