Türkmenistandan Milan we Şenžen şäherlerine ýük gatnawlary ýola goýlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistandan Milan we Şenžen şäherlerine ýük gatnawlary ýola goýlar
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň “Airbus 330-200'' kysymly ''P2F'' görnüşli howa gämisi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 16-njy iýulyndan başlap Italiýanyň Milan we Hytaýyň Şenžen şäherlerine ýük gatnawlaryny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Türkmenhowaýollary” agentliginiň resmi metbugat gullugy anna güni habar berdi.

Bu şäherleriň arasyndaky ýük gatnawlary “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda" bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen amala aşyrylar.

Habarda bellenilişi ýaly, bu gatnawlaryň “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli howa gämisinde hepdede bir gezek uçuş ýygylygy bilen amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 10-njy iýunynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew ýanwar-maý aýlarynda täze satyn alnan “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli ýük uçarlarynyň ikisinde ykdysady taýdan has amatly we täze Aşgabat — Seul — Aşgabat, Aşgabat — Hanoý — Aşgabat ugurlary boýunça ýük howa gatnawlarynyň amala aşyrylyp başlanandygyny aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022