Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine täze ýolbaşçy saýlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine täze ýolbaşçy saýlandy
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) çarşenbe güni geçiren nobatdan daşary maslahatynda oňa gatnaşyjylaryň teklipleri boýunça Birleşmäniň Müdiriýetiniň başlygy wezipesine Nökerguly Hojagulyýewiç Atagulyýew saýlandy. Bu barada TSTB-nyň metbugat gullugy habar berdi.

Ýygnakda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” Birleşmäniň agzalary tarapyndan ýerini ýetirilişi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda Birleşme tarapyndan döredilen “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak gaznasy” barada çykyş diňlendi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredilip, ol bu günki gün Türkmenistanyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 28 müňden gowragyny özünde jemleýär.

Ykdysadyýetçi Nökerguly Atagulyýew tejribeli döwlet işgäri bolup, ol 2007-2010-njy ýyllarda söwda ministri, 2010-2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň BAE we Täjigistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, 2012-2013-nji ýyllarda bolsa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işledi.

2022