Ýanwar-iýun: Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 8% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-iýun: Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 8% ýokarlandy
Konditer önümlerini öndürýän kärhanada önümçilik pursaty, Ahal welaýaty

Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 8 göterim ýokarlandy diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we hakara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Wise-premýer 2023-nji ýylyň alty aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabatynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilendigini belläp, bu görkezijiniň 6,2 göterime deň bolandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň birinji ýarymy boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,3 göterim, ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Merkezi bankyň başlygy Toýly Mälikow 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabata bellenilişi ýaly, şu ýylyň 1-nji iýul ýagdaýyna bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýete gönükdirilen karzlaryň galyndysy 5,1 göterim, ykdysadyýetiň hususy bölegine berlen karzlaryň galyndysy 13,8 göterim, ykdysadyýetiň düzümindäki şahsy adamlara berlen karzlaryň galyndysy 19,5 göterim, oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karz serişdeleriniň galyndysy 15 göterim, ipoteka karzlarynyň galyndysy 7,4 göterim artdy. 2023-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, karz edaralarynyň gazanan peýdasy 1,7 göterim ýokarlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara tejribeden ugur alyp, býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurtda “elektron salgyt” ulgamyny doly işe girizilmegini çaltlandyrmagyň zerdygyny nygtady we Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet Baştutany mejlisiň dowamynda 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurtda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekdi.

2022