Ýanwar-iýun: Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” ýük daşamalaryň mukdaryny artdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-iýun: Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” ýük daşamalaryň mukdaryny artdyrdy
Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty”

Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdalar jemgyýetiniň gämileri tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 1150,50 müň tonna ýük daşaldy we ýük daşamalarynyň umumy mukdary 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 31,4% ýokarlandy. Bu barada “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň metbugat gullugy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýük daşamak boýunça Milli flotyň meýilnamasy 132,2 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabata görä, şu ýylyň ilkinji alty aýy boýunça ýük dolanşygy 476,838 million tonna-kilometra deň bolup, 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 28,7 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem 2023-nji ýylyň ýanwar- iýun aýlary boýunça ýolagçy dolanşygy 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 100,8 göterim ýokarlandy we 3,713 million ýolagçy-kilometre barabar boldy.

“Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) şu ýylyň 1-nji martyndan Türkmenbaşy-Baku (Alyat)-Türkmenbaşy ugry boýunça ýük awtoulaglarynyň daşalmagy üçin ýeňillikli nyrhnamalary girizdi.

2022