Ýanwar-iýun: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 8,3 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-iýun: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 8,3 milliard manatdan geçdi
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky

Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 8 milliard 384,09 million manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden "Bank habarlary" atly elektron žurnalynda habar berilýär.

2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 7 milliard 677 million 232 müň 677 manada ýetdi.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 508 million 111,8 müň manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 8 million 858 müň manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 174 million 276,1 müň manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 1 million 152,3 müň manatdan geçdi.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 14 million 467,9 müň manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022