Türkmen telekeçileri Hytaýda geçiriljek halkara import sergisine çagyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri Hytaýda geçiriljek halkara import sergisine çagyrylýar
Dördünji Hytaý halkara import sergisi, 2021-nji ýyl, Şanhaý, Hytaý (Surat: AFP)

Türkmen kompaniýalary şu ýylyň 5-10-njy noýabr aralygynda Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçiriljek altynjy Hytaý halkara import sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada TSTB-nyň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

Hytaýda geçiriljek bu sergi dünýädäki iň iri import sergileriň biri bolup, ol kompaniýalara öz önümlerini görkezmek, brendini tanatmak we täze işewür hyzmatdaşlary tapmak üçin platforma bolup çykyş edýär.

Sergi zalynda tehnologiýalar, awtoulaglar, enjamlar, lukmançylyk gurallary hem-de saglygy goraýyş hyzmatlary, azyk we oba hojalyk ýaly ugurlar boýunça önümler we hyzmatlar bilen tanyşdyrylar.

Altynjy Hytaý halkara import sergisi Hytaýyň Söwda ministrligi we Şanhaý şäheriniň Halk hökümeti tarapyndan gurnalýar.

Mundan başga-da, türkmen telekeçileri 2023-nji ýylyň 4-6-njy sentýabrynda Hytaýyň Çunşin şäherinde geçiriljek “Smart China Expo 2023” atly sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.

2022