“Ysmaýyl gurluşyk hyzmatlary” Daşoguzda “KAMAZ” tehniki hyzmat merkezini gurýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ysmaýyl gurluşyk hyzmatlary” Daşoguzda “KAMAZ” tehniki hyzmat merkezini gurýar
Lebap welaýatyndaky “KamAZ” kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezleriniň açylşyndan bir pursat

“Ysmaýyl gurluşyk hyzmatlary” hojalyk jemgyýeti Daşoguz şäherinde “KAMAZ” awtomobillerini abatlamak we bejergi hyzmatlary boýunça okuw-hyzmat ediş merkeziniň gurluşygyny alyp barýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

“KAMAZ” tehniki hyzmat merkezi Daşoguz welaýatynyň edara ediş merkezinden halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda, şäherde gurulýan täze iri ýaşaýyş jaý toplumynyň ýanynda gurulýar.

Habarda bellenilişi ýaly, täze binanyň umumy meýdany bir gektar bolup, bu ýerde edara jaýlary bolan modul kysymly iki gatly bina, abatlaýyş bölümi we awtoulag ýuwalgasy, ammar, üsti ýapyk awtoulag duralgasy, dürli meýdançalar gurlar.

Şeýle hem täze okuw we hyzmat merkezi işe girizilenden soň “KAMAZ” awtoulaglarynyň ähli görnüşleriniň ýagdaýyny anyklamak, olara hyzmat etmek we abatlamak üçin bu merkez häzirki zaman enjamlary bilen üpjün ediler.

“KAMAZ” kompaniýasynyň ilkinji tehniki hyzmat merkezi 2008-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde açyldy. Şeýle hem bu ugurly merkezler 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenbaşy şäherinde, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda bolsa Mary we Türkmenabat şäherlerinde açyldy.

2022