“Täze hyzmat” resminamalary taýýarlamakda kompaniýalara hyzmatlaryny hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Täze hyzmat” resminamalary taýýarlamakda kompaniýalara hyzmatlaryny hödürleýär
“Täze hyzmat” hususy kärhanasynyň hünärmeniniň müşderi bilen iş alyp barýan pursady

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Täze hyzmat” hususy kärhanasy kompaniýalar üçin işewürlik meýilnamasyny düzmek, telekeçilik patentini açmak we kärhanany ýapmak üçin zerur resminamalary ýygnamak ýaly dürli hyzmatlary hödürleýär.

“Täze Hyzmat” hususy kärhanasynyň hünärmeniniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň bermegine görä, bu kärhana aşakda görkezilen hyzmatlary, ýagny:

  • komission dükan;
  • baha kesmek;
  • hususy kärhana açmak, şeýle-de gaýtadan bellige almak;
  • işewürlik meýilnamasyny düzmek;
  • kärhanany ýapmak;
  • telekeçilik patentini açmak;
  • lisenziýa almak üçin resminamalary toplamak;
  • kärhananyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň möhletini uzaltmak;
  • brend we logo döretmek;
  • buhgalterçilik hyzmatlary;
  • internet tor ulgamlarynda mahabatlandyrmak ýaly hyzmatlary gysga wagtyň dowamynda ýerine ýetirýär. 

Kompaniýanyň köp ýyllyk tejribesi bolup, ol ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin hyzmatlary bermekde ýöriteleşendir.

“Müşderiler işiň her tapgyrynda zerur bolan kömegi we goldawy berip biljek ýokary hünärli hünärmenlere bil baglap bilerler” diýip, “Täze Hyzmat” hususy kärhanasynyň hünärmeni aýtdy.

“Täze hyzmat” hususy kärhanasy bilen habarlaşmak üçin:

Kärhananyň salgysy: Aşgabat şäheri, Parahat 3/1, jaý 1 “G”

Telefon belgisi:

53-23-34;

71-79-91;

45-22-73

Elektron salgysy: taze_hyzmat@mail.ru

Instagram: taze_hyzmat_consulting

2022