Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy ýerli telekeçilere we hususy eýeçilik pudagynda iş alyp barýan kompaniýalara has hem kämilleşdirilen we tizleşdirilen hyzmatlary bermek maksady bilen täze hyzmatlary we nyrhnamalary ýola goýdy.
Indi, alyjy bilen satyjy taraplaryň arasyndaky şertnamalary, şeýle hem goşmaça ylalaşyklary biržanyň maglumatlar ulgamyna girizmek tizleşdirilip, onuň hyzmat bahasy 50 TMM hökmünde kesgitlenildi. Şertnamalary hepdäniň şenbe günleri sagat 12.00-a çenli aýratyn tertipde tabşyrmak isleýän müşderiler 500 TMM tölärler.
Şertnama bahalary harydy öndüriji ýurda, öndüriji kompaniýa we harytlaryň görnüşleriniň sanyna görä mümkin bolan iň gysga möhletde seljeriler.
Şeýle hem öz öndürýän harytlaryny birža söwdalaryna çykarmaga (listing) isleg bildirýän telekeçilere we kompaniýalara hyzmat tölegi 500 TMM hökmünde kesgitlenildi.
Munuň bilen birlikde, şertnamalary we goşmaça ylalaşyklary düzüp bermek hyzmaty girizilip, 10 sahypa çenli şertnamalar üçin 100 TMM, 10 sahypadan ýokary şertnamalar üçin bolsa 200 TMM hyzmat tölegi bellenildi.
Biržanyň müşderileri maliýe gözegçilik bölümi üçin ýüzlenme hatyny we soragnamany hem hünärmenlere ýerinde doldurdyp bilerler. Munuň üçin 100 TMM tölemek ýeterlik bolar.
Şertnamalar, goşmaça ylalaşyklar we beýleki islendik soraglar boýunça maslahat almak isleýän müşderiler üçin bolsa, resminamalaryň kabul edilýän ýeri bolan birinji gatda her bölümden ýörite hünärmenler hem ýerleşdirildi.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy (TDHÇMB) ýurduň iň möhüm ykdysady institutlarynyň biridir. Birža eksport we import amallaryny amala aşyrmakda seljeriş we düzgünleşdiriş wezipesini ýerine ýetirýär. Ýerli önümler birža söwdalary arkaly dünýäniň 40-dan gowrak ýurduna eksport edilýär. Nebit-himiýa, oba hojalyk, maşyngurluşyk, ýeňil senagat we gurluşyk önümleri esasy eksport harytlarynyň hataryna girýär. Häzirki wagtda hem, biržanyň işini kämilleşdirmek ugrunda işler alnyp barylýar.