Türkmenistan Eýrana günlik 10 million kubmetr gaz eksportyny synagdan geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Eýrana günlik 10 million kubmetr gaz eksportyny synagdan geçirdi
Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň hünärmenleriniň gaz geçiriji turbalaryny barlaýan pursady (Surat: Shana)

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň baş direktory Majid Çegini duşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda Türkmenistandan günlik 10 million kubmetr tebigy gaz importynyň synag edilendigini mälim etdi. Bu barada “Mehr” agentligi habar berdi.

Majid Çegini Eýranyň Türkmenistana bergisini üç tapgyrda töländigini we bu ýurt bilen gaz alyş-çalşygynyň mukdaryny günde 4,5 milliondan 8 million kubmetre çenli artdyrandygyny belläp geçdi.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň baş direktorynyň aýtmagyna görä, Eýran türkmen tarapy bilen geçiren gepleşikleriniň netijesinde gysga we uzak möhletleýin ýagdaýlarda gaz importy boýunça ylalaşyklary gazandy.

Şeýle hem Majid Çegini 10 million kubmetr tebigy gazyň importy boýunça synagyň üstünlikli geçirilendigini aýdyp, Türkmenistanda gaz ýataklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň geljeginiň çäklerinde gaz importynyň mukdaryny artdyrmak meýilleşdirilýändigini mälim etdi.

Eýran şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistan bilen gaz import şertnamasyna gol çekdi. Onuň çäginde Eýran Türkmenistandan günlik 20 million kubmetre çenli gaz import edip biler.

Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji maý aýynda Eýranyň günde takmynan 10 million kubmetr türkmen tebigy gazyny import etjekdigini habar berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda gol çekilen üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama laýyklykda Azerbaýjana türkmen tebigy gazy import edilýär. Resminama laýyklykda, ýylda 1,5-2 milliard kubmetre çenli türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylmagy ylalaşyldy.

2022