"Ajaýyp gurluşyk" kompaniýasy ýurtda 23 sany desganyň gurluşygyny alyp barýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
"Ajaýyp gurluşyk" kompaniýasy ýurtda 23 sany desganyň gurluşygyny alyp barýar
"Ajaýyp gurluşyk" kompaniýasynyň hünärmenleriniň gurluşyk işleriniň alnyp barşyna gözegçilik edýän pursady

“Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 17 sany ýaşaýyş jaýynyň, ýurduň welaýatlarynda bolsa bäş sany orta mekdebiň we bir sany çagalar bagyň gurluşygyny alyp barýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde penşenbe güni çap edilen makalada habar berilýär.

“Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Berdimyrat Garlyýewiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda kärhana tarapyndan Ahal welaýatynyň Bäherden, Mary welaýatynyň Ýolöten, Lebap welaýatynyň Farap etraplarynda 960 orunlyk, Seýdi şäherinde 500 orunlyk, Daşoguz şäherinde 600 orunlyk orta mekdepler, şeýle-de Daşoguz şäherinde 240 orunlyk çagalar bagy gurulýar.

Şeýle hem kärhananyň işçi hünärmenleri Aşgabat şäheriniň “Parahat-7” ýaşaýyş jaý toplumynda 9 gatly, 54 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 8-siniň, 9 gatly, 36 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 9-synyň gurluşygyny alyp barýarlar.

“Gurluşyk işleri üçin magdan däl gurluşyk materiallaryny, ýagny çägedir owradylan çagly, çagyl-çäge garyndylaryny Kaka, Gökdepe, Galaýmor kän müdirliklerinden, sementi Lebap, Bäherden sement zawodlaryndan özara baglaşylan şertnama esasynda satyn alýarys. Gurluşyk tehnikalarynyň 60-sy işledilýär” diýlip, kärhananyň ýolbaşçysy Berdimyrat Garlyýew aýdýar.

Mundan başga-da, Arkadag şäheriniň guluşygynyň birinji tapgyrynda dürli maksatly binalaryň ikisi we döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň altysy “Ajaýyp-gurluşyk” kompaniýasy tarapyndan bina edildi.

2022