Belgiýanyň “Challenge Airline” awiakompaniýasy duşenbe güni Türkmenistana ilkinji ýük uçuşyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.
Soňra Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisiniň, “Challenge Airline” awiakompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Aşgabat Halkara howa menziliniň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi.
Sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyň dowamynda esasan hem “Challenge Airline” awiakompaniýasynyň Türkmenistandaky logistika boýunça geljekki meýillnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk netijeli hyzmatdaşlygy üpjün etmek we özara bähbitleri gazanmak maksady bilen geçirildi.
Iki ýurduň raýat awiasiýa edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýörelgelerini we teswirnamalaryny kesgitleýän hökümetara ylalaşygy berkitmek meýli duşuşygyň möhüm netijeleriniň biri boldy diýip, habarda bellenilýär.
Ozal “Challenge Airline” awiakompaniýasy Ninbo (Hytaý) – Aşgabat we Aşgabat – Lýež (Belgiýa) ugurlary boýunça Aşgabatdan ýük gatnawlaryny amala aşyrmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.