Italiýanyň "Air Cargo Ias” awiakompaniýasy “Türkmenhowaýollary” bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Italiýanyň "Air Cargo Ias” awiakompaniýasy “Türkmenhowaýollary” bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýük uçary

Italiýanyň “Air Cargo Ias” awiakompaniýasy “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak arkaly Aziýada özüniň alyp barýan işini giňeldýär. Bu barada Italiýanyň “Trasporto Europa” ulag we logistika portaly çarşenbe güni habar berdi.

“Türkmenhowaýollary” agentligi Italiýanyň Milan-Malpensa howa menzilinden Aşgabat şäherine “Airbus A330-200” kysymly uçarlarynda göni uçuşlary amala aşyrýar.

Kompaniýanyň Baş direktory Kristina Koderoniniň aýtmagyna görä, bu başlangyç “Air Cargo Ias” awiakompaniýasy üçin işewürlik we Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň bazarlaryna girmek nukdaýnazary boýunça möhüm ädimdir.

Şeýle hem kompaniýanyň Baş direktory Aşgabat Halkara howa menziliniň Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän howa, demir ýol we gara ýol ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýändigini we onuň üstaşyr ulgamda möhüm orny eýeleýändigini aýtdy.

“Air Cargo Ias” awiakompaniýasy bu hyzmatdaşlygyň Italiýadan täze halkara ýük hyzmatynyň işjeňleşmegine hem-de sebitiň ähli ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklar pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň açylmagyna goşant goşjakdygyny belleýär.

Italiýanyň “Air Cargo Ias” awiakompaniýasy otuz ýyldan gowrak wagt bäri üstünli+kli iş alyp barýar we howa arkaly ýük daşamakda öňdebaryjy orny eýeleýär. Bu awiakompaniýa dürli halkara we kontinentara ugurlarda haryt daşamagy amala aşyrýar. “Air Cargo Ias” kompaniýasynyň ştab-kwartirasy Rim-Fýumiçinoda ýerleşip, onuň Malpensada we Linateda edaralary bardyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022