“Deňiz söwda floty” gämilere porta barmazdan bunkerleme hyzmatyny hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Deňiz söwda floty” gämilere porta barmazdan bunkerleme hyzmatyny hödürleýär
Gämileri dizel ýangyjy bilen bunkerleme hyzmatyny ýerine ýetirýän “Serpaý” tirkeg gämisi

Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdalar jemgyýeti daşary ýurt gämilerini Türkmenbaşy Halkara Deňiz portunyň gämi duralgalaryna hem-de porta barmazdan 78-nji belgili meýdançanyň reýdlerinde dizel ýangyjy bilen bunkerleme hyzmatyny hödürleýär.

“Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň çarşenbe güni beren habaryna görä, bunkerleme hyzmatynyň 78-nji belgili meýdançanyň reýdlerinde amala aşyrylmagy syýahat wagtyny ep-esli tygşytlamaga we bunkerlemeden soň bellenen ugra tarap hereketi dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, gämileri dizel ýangyjy bilen bunkerleme hyzmaty “Serpaý” tirkeg gämisi tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Mundan başga-da “Serpaý” tirkeg gämisi daşary ýurt gämilerini arassa agyz suwy we azyk önümleri bilen üpjün etmäge hem ukyplydyr.

Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň gämileri tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 1150,50 müň tonna ýük daşaldy we ýük daşamalarynyň umumy mukdary 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 31,4% ýokarlandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022