“Asmanexpress” sowgatly uly arzanladyş yglan edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Asmanexpress” sowgatly uly arzanladyş yglan edýär
“Asmanexpress” online tehnologiki platformasynyň çapary müşderä sargydyny gowşurýar

Elmydama ulanyjylarynyň aladasyny edip ähli harytlaryň bahalarynyň iň amatlylygy, tiz we ýokary hilli hyzmaty bilen, hem-de müşderileri höweslendirmegi baş maksat edinýän “Asmanexpress” üç günlik uly arzanladyş geçirjekdigini yglan edýär. Bu ajaýyp pursady elden gidirmäň!

Arzanladyşa laýyklykda,

  • “Asmanexpress” bölüminde 100 manatlyk sargyda — 50 manatlyk arzanladyş;
  • “Asmanmega” bölüminde 150 manatlyk sargyda — 75 manatlyk arzanladyş;
  • “Asmanshop” bölüminde 300 manatlyk sargyda 100 manatlyk arzanladyş hödürleýär.

 Arzanladyşyň wagty çäkli! Ol 18-20-njy awgust aralygynda, ýagny 3 günläp dowam eder.

“Asmanexpress” müşderileriň islän harydyny dükanlarda ýa-da bazarlarda tapyp biljek iň arzan bahasyndan bary-ýogy 10 minutda eltip berýär. Howanyň yssy günlerinde iň arzan bahany gözläp uzaklara gitmegiň geregi ýok, sebäbi bu online platformanyň üsti bilen ähli ýokary hilli harytlary iň arzan bahadan tiz sargyt edip bolýar.

“Asmanexpress” — Türkmenistanda 10 minutda eltip bermek hyzmatyny hödürleýän ilkinji innowasiýon onlaýn platformadyr. “Asmanexpress” muny her bir müşderä barlap görmegi teklip edýär. Müşderiniň wagtynyň her bir minudyny möhüm hasaplaýan “Asmanexpress” onlaýn platformasy täze goşulan müşderilere iň gowy teklipleri, arzanladyşlary hem-de sowgatlary hödürleýär.

Onlaýn platforma iň arzan, çalt hem-de ýokary hilli azyk harytlaryndan başlap, öý hojalygyň harytlarynyň 5 müňden gowrak görnüşini hödürleýär we olaryň üsti yzygider artdyrylýar. Eltip bermek hyzmaty Aşgabat şäheriniň içinde elýeterlidir.

“Asmanexpress” online platformasy — döwrüň ösmegi bilen sanly ulgamda alyjylaryň söwda zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen döredildi. Bu online platformasy müşderileriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin özüniň bäş bölüminiň hyzmatyny hödürleýär:

  • “Asmanexpress” bölümi – sargyt edilen harytlar bary-ýogy 10 minutda eltip berilýär. Bu ýerde edilen sargydyň möçberi azyndan 29.00 manat bolmaly.
  • “Arassa asman” bölümi - 19 litre deň bolan süýji arassalanan agyz suwuny bary-ýogy 10 minutda eltip berilýär. Birinji sargyda 15 manatlyk kupon hödürlenýär.
  • “Asmanmega” bölümi — tutuş maşgala üçin harytlaryň sargydy 30 minutda öýüňize eltip bermäge mümkinçilik berýär. Sargytlaryň iň pes mukdary 129.00 manada deň bolmaly.
  • “Asmanshop” bölümi — 90 minutda öýüňize dünýä belli brendleriň geýimleri getirip, şol eşikleri özüňe deňäp görmek hyzmatyny hödürleýär. Bu eltip bermek hyzmat üçin töleg alynmaýar.
  • “Asmanjobs” bölümi — size işgär tapmak we işe ýerleşmek boýunça ýakyndan ýardam edip biler.

Şeýle hem bu online tehnologiki platformasynda sargyt edilen harytlary onlaýn yzarlamak mümkinçiligi bardyr.

“Asmanexpress” onlaýn platformasynda müşderi sargyt eden harydyny doly gözegçilik edip bilýär. Müşderi gerek harydyny sebede geçirip, sargydy tassyklandan soň, ony getirýän çaparyň nireden gelýändigini kartadan yzarlap biler. Şeýle-de bu platformada müşderi özüniň bellän salgysyna çaparyň takmynan näçe minutdan geljekdigini anyklap bilerýär.

Eltip bermek hyzmaty her gün 7:30-dan 23:00-a çenli işleýär. Müşderiler “Asmanexpress” ykjam goşundysyny “Google Play” we “AppStore” salgylaryndan ýükläp alyp bilerler.

Habarlaşmak üçin:

Telefon belgileri:

+99361282393

+99364 755997

Web sahypa: asmanexpress.com

Elektron salgy: info.asmanexpress@gmail.com

2022