"Türkmendeňizderýaýollary" agentligi Hazar deňzinde söwda deňiz flotuny ösdürmek üçin maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.
Agentligiň habar bermegine görä, bu maýa goýum taslamalary bäsdeşlige ukyplylygy, eksport-import dolanyşygy, şeýle hem deňiz ulaglary tarapyndan hödürlenýän hyzmatlara bolan islegi ýokarlandyrar.
Wajyp taslamalardan biri hem gury ýük gämileriniň, nebit galyndylaryny ýygnaýjy hem-de hapa we ýagly suwlary ýygnaýjy gämileriniň we Ro-Pax görnüşli paromlaryň gurluşygy bolup durýar. Häzirki wagtda bu görnüşli paromlaryň dördüsi bolup, olar Baku (Azerbaýjan) we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda yzygiderli gatnawlary amala aşyrýarlar.
Habarda bellenilişi ýaly, Makhaçkala (Russiýa), Kuryk (Gazagystan) we Astrahan (Russiýa) portlaryna täze ugurlary açmak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem Hazar deňzindäki “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody nebit tankerler, üpjünçilik gämiler, köp maksatly gury ýük gämiler we deňziň düýbüni çuňaldyjy gämiler ýaly dürli görnüşli gämileri gurmak baradaky sargytlary ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär.
Mundan başga-da, nebit we nebit önümlerini Ekerem, Alaja we Türkmenbaşy portlaryndan daşamak üçin tankerlere uly isleg bardyr.