Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2023-nji ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 87 milliard 945,21 million manada ýetdi, ýagny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 3,6% artdy. 2022-nji ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 84 milliard 915,53 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden "Bank habarlary" atly elektron žurnalynda habar berilýär.
2023-nji ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 55 milliard 211 million manada barabar boldy. 2022-nji ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna bu görnüşli karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 55 milliard 763 million manada deň boldy.
Şeýle hem, 2023-nji ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 12 milliard 409 million manada barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 6,7% ýokarlandy. 2022-nji ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 11 milliard 626 million manada ýetdi.
Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 20 milliard 325 million manada barabar boldy we bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16% ýokarlandy. 2022-nji ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 17 milliard 527 million manada deň boldy.
Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 9 milliard 893,2 million manatdan geçdi.