Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Amandursun Begjanowa degişli bolan kärhanada gök-bakja önümlerini we ir-iýmişleri terligine doňdurmak arkaly gaplama önümçiligi alnyp barylýar. Bu barada TSTB-nyň metbugat gullugy şenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu kärhanada her gün 500 kilogramdan 1 tonna çenli gök-bakja önümleri gaýtadan işlenilýär. Daýhanlar we bagbanlar bilen baglaşylýan şertnamalar esasynda bu ýere tapgyrlaýyn esasda dürli görnüşli gök-bakja önümleri, şol sanda ir-iýmişler getirilýär.
Zenan telekeçi Amandursun Begjanowanyň gürrüň bermegine görä, doňdurma işleri amala aşyrylanda ýörite usul ulanylyp, gök-bakjalardyr ir-iýmişler -40-dan -120-ä çenli sowuklyk derejesinde doňdurylýar.
Häzirki wagtda kärhanada dogralan ýeralma, brokkoli kelemi, bolgar burç ýaly gök-bakja önümler, ülje, garaly, böwürslen, gara smorodina, ýertudana ýaly ir-iýmişler doňdurylýar.
Telekeçi Amandursun Begjanowa degişli bolan bu kärhananyň önümleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Halk market” dükanlar toplumynyň degişli söwda nokatlaryna ugradylýar.
Şeýle hem doňdurylan gök-bakja önümleri we ir-iýmişler alyjylar üçin amatly bolan dürli ölçegli gaplara gaplanylýar. Önümçilikde ulanylýan bu gaplar “Halk market” dükanlar toplumyna degişli bolan “Berk plastik” kärhanasynda ýerli çig maldan taýýarlanýar.