Russiýanyň “Abi” kompaniýasy önümlerini Türkmenistana eksport edip başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýanyň “Abi” kompaniýasy önümlerini Türkmenistana eksport edip başlady
“Abi” kompaniýasynyň önümçilik kärhanalarynda öndürilen şöhlat önümleri (Surat: Abi)

Taýýarlamagy amatly we ýeňil bolan azyk önümleri öndürýän Russiýanyň “Abi” kompaniýasy özüniň harytlaryny Türkmenistana eksport edip başlandygyny habar berýär.

Awgust aýynda “Wýazanka”, Starodworýe” (“Duguşka” liniýasyny hem goşmak bilen) we “Bawaruşka” markaly şöhlat önümleriniň 16 tonnasy Türkmenistana eksport edildi. Häzirki wagtda “Abi” kompaniýasynyň önümleri Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hödürlenilýär.

Şeýle hem “doňdurylan ýarym taýýar” we “doly taýýar” önümlerini goşmak arkaly kompaniýa önümleriniň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýär.

Mundan başga-da, Russiýanyň “Abi” kompaniýasy öz önümlerini Gazagystana, Özbegistana we Gyrgyz Respublikasyna eksport edýär.

Kompaniýa Türkmenistanyň bazarynda işlemäge uly gyzyklanma bildirýär we bazaryň islegini seljermek we netijeli marketing strategiýalaryny ulanmak arkaly öz işini ösdürmegi meýilleşdirýär.

“Abi” kompaniýasy Russiýada amatly azyk önümlerini öndüriji bolup, ol “Wýazanka”, “Gorýaçaýa Ştuçka”, “Starodworýe”, “Bawaruşka”, “Ýadrýona kopot” brendlerini we “Foodgital” ösümlik önümleriniň brendini öz içine alýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022