Türkmen-palestin telekeçileriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-palestin telekeçileriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestinanyň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda geçirilen duşuşyk, 24-nji awgust, Aşgabat

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestinanyň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda penşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşykda iki ýurduň işewürleriniň hem-de telekeçileriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda Riýad al-Maliki türkmen halkynyň Milli Liderine Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbasyň mähirli salamyny we Palestina sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny gowşuryp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen netijeli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde Palestinanyň Prezidentine mähirli salamyny beýan etdi we Palestina sapar bilen gelmek baradaky çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Gepleşikleriň barşynda uzak möhletli geljege gönükdirilen özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns berildi. Nebithimiýa we dokma senagatynyň, oba hojalygy we gaýtadan işleýän pudaklaryň önümleriniň, dürli azyk harytlarynyň eksportyna, sanly tehnologiýalara geljegi uly ugurlar hökmünde garalýandygy nygtaldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde penşenbe güni Türkmenistan bilen Palestinanyň arasynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary derejesinde geçirilen syýasy geňeşmeleriň dowamynda türkmen tarapy täze gatnaşyklary ýola goýmak we hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen hususy we döwlet pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik geňeşini geçirmegi teklip etdi.

2022