Ýanwar-iýul: Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 4,9% artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-iýul: Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 4,9% artdy
“Täç hil” hususy kärhanasynda alnyp barylýan önümçilikden bir pursat

Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda 4,9 göterim ýokarlandy diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we hakara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Hojamyrat Geldimyradow şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri barada hasabatynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilendigini we bu görkezijiniň 6,2 göterime deň bolandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,3 göterim, bölek-satuw haryt dolanyşygy 9,4 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň ýedi aýynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 113 göterim we çykdajy bölegi 97,9 göterim ýerine ýetirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,6 göterim artdy.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak üçin netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlaryna şahsy pensiýa bellemegi düzgünleşdirmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 40-njy maddasyna laýyklykda Karara gol çekdi.

Resminama bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Şahsy pensiýalary bellemek boýunça ýörite topar döredildi we şu toparyň düzümi, şeýle hem şahsy pensiýalary bellemegiň Tertibi tassyklanyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022