Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde suwuklandyrylan gazyň we polipropileniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, nebit we gaz kondensatyny çykarmak, polipropileni öndürmek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Hasabata görä, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 101 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,5 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 105,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,9 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 108,8 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle hem şu ýylyň ýedi aýynda tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 109 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 114 göterim ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany gyş möwsüminde tebigy gaza islegiň artýandygyny belläp, raýatlary, iri senagat kärhanalaryny, elektrik stansiýalaryny hem-de daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin häzirden taýýarlyk işlerini geçirmegiň möhümdigini aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýerleriň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy.