Ýanwar-iýul: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 9,89 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-iýul: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 9,89 milliard manatdan geçdi
Raýatyň bank kartyny bankomata salýan pursady

Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 9 milliard 893,22 million manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden "Bank habarlary" atly elektron žurnalynda habar berilýär.

2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 9 milliard 52 million 664 müň 989 manada ýetdi.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 604 million 382,6 müň manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 10 million 343,9 müň manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 207 million 929,3 müň manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 1 million 281,1 müň manatdan geçdi.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 16 million 622,7 müň manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022