Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda guruljak desgalar bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda guruljak desgalar bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşýan pursady, 26-njy awgust, Arkadag şäheri

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy we olaryň işini döwrebap derejede alyp barmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada türkmen halkynyň Milli Liderine hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gurulmagy meýilleşdirilýän muzeýiň, Arkadag şäheriniň Baş metjidiniň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Liderine Köpetdagyň belent gerişleriniň birinde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän Arkadag şäheriniň adynyň ýazgysynyň görnüşleri görkezildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýazgynyň uzaklardan görünmelidigini, özüne çekiji bolmalydygyny, aýratyn-da, ýazgynyň yşyklandyryş ulgamyna häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda çemeleşilmelidigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda, esasan, senagat-önümçilik toplumlarynyň, saglygy goraýyş, ýeňil we azyk senagaty ulgamlaryna degişli desgalaryň gurluşygynyň meýilleşdirilendigini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän senagat desgalarynyň daşky gurşawa zyýan ýetirmezden gurulmagy boýunça ekologiýa howpsuzlygyna degişli birnäçe görkezmeleri berdi hem-de öndüriljek önümleriň ýokary hilli bolmalydygyny, munuň bolsa Türkmenistanyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi.

Mundan başga-da Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 110 sany ýaşaýyş jaýy, 9 sany çagalar bagy we 5 sany umumy bilim berýän mekdep gurlar.

2022