Arkadag şäherinde lukmançylyk we derman senagatynyň önümçiliginiň gurluşygy üçin maslahat beriji kompaniýany (konsalting kompaniýa) kotirowka görnüşinde saýlamak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň yglan eden degişli bäsleşigi “Türkmenistan” gazetinde çarşenbe güni çap edildi.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Arkadag şäheriniň Arkadag şaýolunyň 30-njy jaýynda ýerleşýän şäher häkimliginiň edara binasynda şu ýylyň 5-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji awgustda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy we täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda esasan, senagat-önümçilik toplumlarynyň, saglygy goraýyş, ýeňil we azyk senagaty ulgamlaryna degişli desgalaryň gurluşygynyň meýilleşdirilendigini belledi.