“Türkmenhowaýollary” iki sany “Boeing 777–300” kysymly uçar satyn aldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenhowaýollary” iki sany “Boeing 777–300” kysymly uçar satyn aldy
Aşgabat Halkara howa menzilinde täze satyn alnan "Airbus A330-200P2F" kysymly ýük uçarynyň garşylanýan pursady, 2023-nji ýylyň 27-nji apreli

“Türkmenhowaýollary” agentligi “Cathay Pacific” awiakompaniýasynyň düzüminde bolan “Boeing 777–300(ER)” kysymly uçaryň ikisini satyn aldy. Bu barada “CH-Aviation” kompaniýasy sişenbe güni habar berdi.

“Türkmenhowaýollary” agentlikde “Boeing 777–200 (LR)” kysymly dört sany uçar bolup, bu satyn alnan “Boeing 777–300(ER)” kysymly uçarlar agentligiň düzüminde ilkinji bolar.

Agentlikde “Boeing” kompaniýasynyň uçarlarynyň birnäçe modelleri bolup, olara dört sany 737-700 kysymly, sekiz sany 737-800 kysymly we dört sany 757–200 kysymly uçarlar degişlidir. Mundan başga-da, “Türkmenhowaýollary” agentliginde “Airbus 330–200” kysymly iki sany uçar we Il-76TD kysymly üç sany ýük uçary ulanylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň iýun aýynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine 4 sany “Boeing 737-8” kysymly, şeýle hem 2 sany “Boeing 777-367ER” kysymly uçar satyn almaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022