Türkmenistan fransuz işewürlerini ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan fransuz işewürlerini ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşyrdy
Türkmenistanyň resmi wekiliýeti fransuz kompaniýalarynyň işewürlik duşuşygynda, 2023-nji ýylyň 4-nji sentýabry, Fransiýa

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň resmi wekiliýeti duşenbe güni Fransiýanyň "MEDEF-International" halkara assosiasiýasynyň agzalygyna girýän fransuz kompaniýalarynyň işewürlik duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti fransuz işewür wekillerini ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşyrdy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, işewürlik duşuşygyň dowamynda ýurduň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary barada hem maglumat berildi.

Mundan başga-da, foruma gatnaşyjylar söwda, ykdysadyýet, energetika, oba hojalygy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek we giňeltmek boýunça pikir alyşdylar. 

Şeýle hem işewürlik duşuşygyň barşynda nebit-gaz we gaz himiýa pudaklary, elektrik energetikasy, ulag we aragatnaşyk, lukmançylyk senagaty we derman senagaty, maliýe-bank pudagy, şeýle hem suw dolandyryş toplumy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 4-nji sentýabrda fransiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri, şol sanda “Fransiýa-Türkmenistan” Söwda edarasynyň prezidenti, “CIFAL International Services” kompaniýasynyň prezidenti Žill Remi, “CARPI Tech” kompaniýasynyň prezidenti Alberto Mariýa Skuero we bu kompaniýanyň baş direktory Fransua Tronel, “Bouygues” kompaniýalar toparynyň prezidenti Marten Buig, “Vinci Construction Grands Projets” kompaniýalarynyň prezidenti Patrik Kadri bilen duşuşyklary geçirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022