"Argus" türkmen kompaniýalaryny “Argus LPG 2023” halkara konferensiýa gatnaşmaga çagyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
"Argus" türkmen kompaniýalaryny “Argus LPG 2023” halkara konferensiýa gatnaşmaga çagyrýar
"Argus Oil Products 2023" atly halkara konferensiýa, 2023-nji ýylyň 16-17-nji marty, Dubaý, BAE ("Argus" halkara baha kesgitleýji gullugy)

"Argus” halkara baha kesgitleýji gullugy türkmen kompaniýalaryny şu ýylyň 12-13-nji oktýabrynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriljek “Argus LPG 2023” atly halkara konferensiýa gatnaşmaga çagyrýar.

Halkara konferensiýa Gündogar we Günbatar Ýewropa ýurtlaryndan, Ýakyn Gündogardan, Gündogar Aziýadan, Hazar sebitinden we GDA ýurtlaryndan 250-den gowrak wekiliýet gatnaşar.

Konferensiýanyň gün tertibi aşakdaky mowzuklary öz içine alar:

  • dünýädäki suwuklandyrylan gaz bazarynyň üýtgemegi;
  • ABŞ-da suwuklandyrylan gazyň üpjünçiligini artdyrmak;
  • Ýewropanyň suwuklandyrylan gaz bazaryna çökgünligiň täsiri;
  • Hytaý propany degidrirleme taslamalaryny ösdürmek strategiýasyny dowam etdirermi?
  • “ýaşyl” gün tertibiniň ähmiýeti;
  • Merkezi Aziýada awtogaz (suwuklandyrylan gaz) bazarynyň ösüşiniň mümkinçiligi;
  • günorta-gündogar Aziýada ösüş nokatlary;
  • deňiz arkaly gaz daşamak üçin flotuň bolmagy.

Has giňişleýin maglumatlary “Argus” halkara baha kesgitleýji gullugynyň konferensiýa bölüminden ýa-da onuň web sahypasyndan alyp bilersiňiz.

Elektron salgy: lpg.conference@argusmedia.com

2022