“TurkmenExporters”: sabyn we egin-eşik ýuwujy serişdeler daşary ýurtlara eksport edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“TurkmenExporters”: sabyn we egin-eşik ýuwujy serişdeler daşary ýurtlara eksport edildi
“Argyş” hususy kärhanasynyň gaplanan taýýar önümleri

TurkmenExporters.com.tm eksport platformasynyň üsti bilen ýakynda “Argyş” we “Altyn Ýol” hususy kärhanalarynda öndürilen hojalyk sabynlary we egin-eşik ýuwujy serişdeleri daşary ýurtlara eksport edildi. Bu barada platformanyň esaslandyryjysy “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän “Argyş” hususy kärhanasy TurkmenExporters.com.tm platformasy arkaly hojalyk sabynlaryny Gazagystana, Gyrgyz Respublikasyna we Täjigistana eksport etdi. Hojalyk harytlary öndürýän “Altyn Ýol” hususy kärhanasy bolsa egin-eşik ýuwujy serişdelerini Gazagystana we Gyrgyz Respublikasyna satdy.

Iýul aýynda TurkmenExporters.com.tm eksport platformasynda “Amatly teklipler” hem-de “Boş ýük ulaglary” diýen iki sany täze bölüm açyldy.

“Amatly Teklipler” bölüminde amatly bahalardan türkmen öndürijileriniň ellerinde taýýar bolan we eksporta niýetlenen harytlar barada maglumatlar jemlenýär. Bu bölümde alyjylar üçin adaty bahalardan has amatly bolan bahalar hödürlenilýär. Satyn alyjylar “Amatly Teklipler” bölüminiň üsti bilen hödürlenilýän harytlaryň mukdary, bahalary, ýaramlylyk möhleti, öndürilen senesi, şeýle hem satyjy barada maglumatlary alyp biler.

“Boş ýük ulaglary” bölüm bolsa, eksportçylar we importçylar üçin niýetlenendir. Bu bölüm Türkmenistandan daşary ýurtlara, şeýle hem daşary ýurtlardan Türkmenistana harytlary daşamak üçin boş ulag serişdeleriniň eýeleri bilen ýük iberijileriň gysga wagtyň dowamynda bir-birini tapmagyna ýardam berýär. Şeýlelik-de işewürler bu bölümiň üsti bilen wagt ýitirmän özleri üçin iň amatly hyztmatdaşlaryny saýlap bilerler.

Hususy eksport platformasy TurkmenExporters.com.tm türkmen eksportçylarynyň bitewi maglumatlar binýadyny döretmek, Türkmenistandan eksport edilýän harytlaryň daşary ýurtlara çykarylmagyny ilerletmek we önüm öndüriji bilen müşderiniň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýardam etmek maksady bilen 2017-nji ýylda işe girizildi.

2022