“Dragon Oil” OGT-2023 halkara maslahatynyň we serginiň göwher hemaýatkäri boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Dragon Oil” OGT-2023 halkara maslahatynyň we serginiň göwher hemaýatkäri boldy
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum, 26-27-nji aprel, Dubaý, BAE

Nebiti we gazy gözlemek, işläp taýýarlamak we çykarmak boýunça halkara “Dragon Oil” kompaniýasy her ýyl geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” (OGT-2023) atly 18-nji halkara maslahatyň we serginiň göwher hemaýatkäri boldy. Bu barada maslahatyň guramaçylary habar berdi.

BAE-niň işewür toparlarynyň wekili Türkmenistanda geçirilýän nebit we gaz boýunça dürli media çärelerine hemaýatkär hökmünde gatnaşýar we olarda çykyş edýär. “Dragon Oil” kompaniýasy durnukly işewürligi döretmek we üpjün etmek üçin esas hökmünde ýokary derejeli daşky gurşaw ülňülerini ulanýar.

Türkmenistan bilen “Dragon Oil” kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar. BAE-niň kompaniýasy önümleri bölüşmek Ylalaşygy esasynda 2000-nji ýyldan bäri Türkmenistanda işleýär. Kompaniýanyň işiniň esasy ugry “Jygalybeg” we “Jeýtun” nebit ýataklaryny özleşdirmek arkaly Hazar deňzindäki “Çeleken” şertnamalaýyn çäginde uglewodorod öndürmek bolup durýar. “Dragon Oil” kompaniýasy bu taslama 8 milliard ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýdy.

“Dragon Oil” Türkmenistanda iş alyp baran döwründe deňizde ýerleşýän ekspluatasiýa we merkezi platformanyň gurluşygyny amala aşyrdy, bar bolan guýulary düýpli abatlady, şeýle hem nebit ýataklaryny özleşdirmek ulgamynyň ähli böleklerini täzeden dikeltdi we döwrebaplaşdyrdy.

Mundan başga-da, "Türkmennebit" döwlet konserni bilen "Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasynyň arasynda önümleri bölüşmek Ylalaşygyny 2035-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli uzaltmak barada şertnama baglaşyldy.

Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” (OGT-2023) atly halkara maslahat we sergi şu ýylyň 25-27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçiriler.

Guramaçylaryň çaklamagyna görä, şu ýyl OGT-2023 halkara maslahatyna we sergisine geçen maslahata garanyňda has köp öňdebaryjy halkara energetika kompaniýalarynyň, guramalaryň we öňdebaryjy dünýä maliýe edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşar. Maslahatyň dowamynda olar öz tejribelerini paýlaşyp, Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň ösüşine täsir edýän sebitleýin we global tendensiýalary ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem maslahatyň çäginde Türkmenistanyň nebit-gaz, bank, himiýa we energetika pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklar gurnalar.

2022