“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary bilen Günorta Koreýanyň Deňiz enjamlary assosiasiýasynyň (KOMEO) we “Koryo Shipbuilding” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda iki sany gury ýük gämisiniň gurluşyklaryny taslamak barada pikir alşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi sişenbe güni habar berdi.
Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanyň milli söwda flotyny ösdürmäge gönükdirilen gämigurluşyk pudagynda taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine seredildi. Söhbetdeşler gury ýük gämilerini we paromlary gurmak işlerine aýratyn üns çekdiler.
“Koryo Shipbuilding” kompaniýasynyň wekilleri türkmen gämigurluşyk zawodynda bar bolan döwrebap mümkinçilikler bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de koreý tarapy hyzmatdaşlygyň uly geljegine ynam bildirip, ýerli hünärmenleriň hünär taýýarlygyna we gämi gurluşygyndaky döwrebap tenologiýalara ýokary baha berdiler.
KOMEO – bu deňiz enjamlaryny öndürýän 286 sany koreý kärhanasyny özünde jemleýän assosiasiýa bolup, ol öz agzalaryna gämileri gurmak we taslamak, onuň üçin zerur enjamlary eltmek we bu ugry ösdürmek boýunça döwrebap çözgütleri hödürleýär. “Koryo Shipbuilding” kompaniýasy bolsa dürli görnüşli we ölçegli gämileri taslamak, gurmak hem-de abatlamak boýunça iş alyp barýar.