Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan energiýa serişdelerini Merkezi Aziýa ýurtlaryna ibermäge taýýardyr

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan energiýa serişdelerini Merkezi Aziýa ýurtlaryna ibermäge taýýardyr
"Türkmengaz" döwlet konserniniň hünärmenleriniň alnyp barylýan işlere gözögçilik edýän pursady

Türkmenistan özüniň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Merkezi Aziýa ýurtlaryna, olaryň çäginiň üsti bilen daşarky bazarlara özara bähbitli şertlerde ibermäge taýýardyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda aýtdy.

Bu maksat bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşini — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

“Häzirki wagtda sebitiň içindäki islegleri kanagatlandyrmaga, halkara üstaşyr geçelgeler arkaly dünýä bazarlaryna çykmaga gönükdirilen durnukly energetika hyzmatdaşlygy üçin syýasy-hukuk we ykdysady şertleri döretmek prosesiniň bolup geçýändigi äşgärdir” diýip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany forumyň dowamynda eden çykyşynda aýtdy.

Sammite Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlary, şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar.

Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň dördünji orny eýeleýär. Häzirki wagtda türkmen tebigy gazynyň iň iri sarp edijisi Hytaý Halk Respublikasydyr (30 milliard kub metrden gowrak). Mundan başga-da, türkmen gazy Russiýa we swop operasiýalary arkaly Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022